Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň prezidenti Astanada gazak lideri bilen duşuşýar


Gyrgyzystanyň täze prezidenti Roza Otunbaýewa Gazagystana iş saparyna başlady.

Otunbaýewa Astanada gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Gyrgyz prezidentiniň sözçüsi Farid Nyýazow Azatlyk Radiosyna iki lideriň ikitaraplaýyn gatnaşyk meseleleri barada pikir alşandygyny aýtdy.

Şeýle-de Nyýazow Otunbaýewanyň duşanbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen hem duşuşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG