Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl palestinalylar bilen göni gepleşmek isleýär


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu özüniň şu hepde Waşingtona etjek saparyndan esasy maksadyň palestinalylar bilen göni gepleşige geçmekdigini aýtdy.

Netenýahu bu ýerde göni gepleşiklere girmekden başga alternatiwanyň ýokdugyny aýtdy.

Amerikan resmileri maý aýyndan bäri ysraýyllylar bilen palestinalaylaryň arasynda gatnap, olary güýze çenli göni gepleşiklere yrjak bolýarlar.

Palestinalylar şu wagta çenli Ysraýyl bilen göni gepleşiklere girmekden ýüz öwrüp gelýär.
XS
SM
MD
LG