Sepleriň elýeterliligi

Polşanyň prezident saýlawlarynda Komorowski ýeňdi


Polşanyň saýlaw resmileri ýekşenbe güni prezident saýlawynda berlen sesleriň 95 prosentini sanap, Polşanyň dolandyryjy biznese tarapdar syýasy partiýasynyň lideri Bronislaw Komorowskiniň 52.63 ses alandygyny aýtdylar.

Komorowskiniň garşydaşy Ýaroslaw Kaçinski bolsa sesleriň 47.37 prosentini alypdyr.

Sag-ganat oppozisiýa partiýasynyň lideri Kaçinski biraz öň özüniň ýeňlenini boýun aldy we Komarowskini saýlawdaky ýeňşi bilen gutlady.

Gutarnykly resmi netijeleriň duşanbe güni öýlänler çap edilerine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG