Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň hukuk topary gulçulyga garşy göreşmekçi


Ýemende bir hukuk topary özüniň ýurtdaky gulçulyga garşy göreşe başlandygyny aýdýar.

Ýemende gulçulyk resmi taýdan 1962-nji ýylda ýatyrylan, ýöne bu ýagdaý heniz hem dowam edýär.

Hud atly hökümete degişli däl guramanyň başlygy Mohammed Naji Allaw öz toparynyň internet saýdynda sylagly adamlardan ybarat komissiýanyň ýurduň gulçulyk praktikasyny dowam etdirýän ýerlerine aýlanyp, munuň nähili agyr jenaýatdygyny düşündirjekdiklerini aýdýar.
XS
SM
MD
LG