Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada öňki hyzmatdaşlar ýok


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýuşenko Aşgabatda, 15-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýuşenko Aşgabatda, 15-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.

Soňky hökümet maslahatynda Ukrainanyň daşary işler ministri Konstantin Hrişenkonyň baştutanlygynda ukrain delegasiýasynyň Türkmenistana resmi saparynyň jemlerine seredildi.

Iki ýurduň arasynda kommersiýa hem hojalyk gatnaşyklaryndan başga bir tema berlen maglumatlaryň çäginden daşarda galdy.

Wiktor Ýanukowiçiň prezident wezipesine saýlanmagy bilen bagly ukrain delegasiýasy Ukrainada düýbünden başga, täze häkimiýetiň wekili hökmünde Aşgabada geldi.

Täze häkimiýet özüniň ilkinji ädimlerinden daşary syýasatyny düýpli özgerdip, Orsýet bilen ýakynlaşmaga başlady. Şol ýakynlaşma tutuş postsowet giňişliginde syýasy deňagramlylygyň üýtgemegine getirdi.

Orsýet-ukrain garşy durmalary aradan aýrylansoň, GDA giňişliginde, elbetde, Merkezi Aziýa regionynda öz täsirini gaýtadan dikeltmekde Orsýetiň aktiwleşmegine getirdi, muňa häzir syn etmek mümkin.

Indi şertler üýtgedi


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Yanukowiç (sagda) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Harkowda, 21-nji aprel, 2010-njy ýyl.
Mundan öň türkmen ýolbaşçylary başga, Orsýet bilen alagöz, dikleşip bilýän Ukraina bilen iş salyşýardylar. Türkmenistanyň Moskwa bilen öz gatnaşyklarynda-da hemme zat gülala-güllük däldi. Hatda gatnaşyklar açyk konflikt derejesine baryp ýetipdi.

Şonuň üçinem ýakyn wagta çenli Kiýew Aşgabada diňe bir ykdysady ýaran däl-de, öňki soýuz respublikalaryň üstünden Orsýetiň monopoliýasynyň soňuna nokat goýmaga çalyşýan, şol işe ýykgyn edýän syýasy merkez hökmünde garaýardy.

Şu fakt iki tarapy-da özara hyzmatdaşlyga iterýärdi. Moskwa bilen bolmagy mümkin konfliktiň ýüki, agramy diňe bir tarapyň üstüne düşmeli däldi. Orsýet diktatyna garşy durýanlaryň özboluşly bir kluby döräp, oňa Ukraina liderlik edýärdi.

Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky yzygiderli dartgynlylygyň fonunda beýleki ýurtlaram Moskwa bilen gatnaşyklarynda has garaşsyz pozisiýany eýeläp bilýärdi.

Ukrainanyň şol klubdan çykmagy postsowet giňişliginde köp ýolbaşçylary juda ägä hem aram pozisiýany eýelemäge mejbur etdi. Şu günki gün Türkmenistan üçin Ukrainanyň Moskwa bilen gatnaşyklarynyň, ýakynlaşmasynyň nirelere baryp direjegi uly ähmiýete eýe.

Şonuň üçinem Aşgabatdaky gepleşikler diňe bir kommersiýa häsiýetine eýe bolmady. Gatnaşyklary mundan beýlägem ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen ýolbaşçylary ukrain pozisiýasyny gözden salmazlyga çalyşdylar.

Näderejede bil baglap bolar?

“Nebit-gazyň durnukly hem howpsuz tranziti boýunça türkmen inisiatiwasyny Ukraina goldaýar” - diýlip, Ministrler Kabinetiniň maslahatynda bellenildi. Munda Aşgabat iki tarapyňam garaýyşlarynyň umumylygyny hasaba alýar. Çünki bu gürrüňi edilýän temada diýseň-diýmeseň Orsýet, onuň täsiri duýulýar. Hem Aşgabat, hem Kiýew tranzit meselesinde Moskwa bilen berk baglanyşykly.

Bu ynjyk hem möhüm meselede Ukraina näderejede arka diräp, bil baglap bolar? Türkmen ýolbaşçylarynyň şuňa göz ýetirmegi zerur. Orsýet-ukrain gatnaşyklarynda emele gelen maýylganlyk, şol gatnaşyklaryň soýuzdaşlyk giňişligine düşmegi G.Berdimuhamedowy alada goýman durup bilmez.

Ýeňsesindäki gazaply ukrain goh-galmagallaryndan halas bolan Orsýet Gyrgyzystandaky täze häkimiýeti goldamak bilen özüniň berk pozisiýasyny aýan etdi. Ýogsa, täze gyrgyz häkimiýeti Merkezi Aziýanyň beýleki ýolbaşçylarynda aýratyn joşgun ýa höwes döredip baranok.

Başga sözler bilen aýdylanda, Moskwa regionda öz bähbitlerini gorajakdygy barada anyk signal berdi. Merkezi Aziýanyň arsenalynda üýşüp ýatan köp mümkinçilik ýok. Öň ukrain faktory kömekçi faktoryň roluny oýnapdy. Indi ol ýok. Mundan beýläk her bir lider Kreml bilen ýekme-ýek galýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG