Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň prezident saýlawlarynda Komorowski ýeňdi


Bronislaw Komorowski öz ýan-ýoldaşy bilen, Warşawa, 4-nji iýul.
Bronislaw Komorowski öz ýan-ýoldaşy bilen, Warşawa, 4-nji iýul.

4-njy iýulda Polşada geçen prezidentlik saýlawlaryndaky ýeňşi häzir bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirýän Bronislaw Komorowski gazanjaga meňzeýär.

Berlen sesleriň 95 prosenti sanalansoň, ýurduň döwlet saýlaw komissiýasy sesleriň 52.63 prosentini Komorowskiniň alandygyny, onuň bäsdeşi Jaroslaw Kaçinskiniň alan sesleriniň hem 47.37 prosentdigini bildirdi. Gutarnykly netijeler şu gün giçlik tassyklanar diýlip garaşylýar.

Öten aýdaky ses berişlikde kandidatlaryň hiç birisiniň alan sesleri 50 prosentden ýokary bolmandy. Şol sebäpden saýlaw bu ikisiniň arasynda gaýtalanmaly boldy. Netije tassyklansa, onda öňki prezident Leh Kaçinskiniň aprel aýynda uçary Orsýetde heläkçilige uçrap, aradan çykmagy netijesinde Polşada dörän näbellilik soňlanýar.

Komorowskiniň häkimiýet başyndaky “Graždanlyk platformasy” partiýasy bilen Ýewropa Bileleşigine şübheli garaýan Kaçinskiniň “Kanun we Adalat” partiýasynyň arasynda köp wagtdan bäri oňuşmazlyk bar. Ýöne Komorowski özüniň syýasy bölünişikleri aradan aýyrmak üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

Komorowski 4-nji iýulda: “Bölünişikler demokratiýanyň aýrylmaz bölegi. Ýöne biz bu bölünişikleriň hyzmatdaşlygy bökdemegine ýol bermezlik ugrunda işlemeli” diýdi. Komorowski şeýle diýse-de, Polşada syýasy garaýyşlarda ara tapawutlaryň bardygyny düýn, saýlaw güni, görmek bolýardy.

Halkyň sesi


Warşawaly Wlodzimierz Hauster düýn ses berişlikden soň: “Komorowski gowy kandidat bolup çykdy” diýdi. “Meniň pikirimçe, iň soňunda ýeňiji diýip tassyklanan Komorowski bolar. Ýöne ol bu ýeňişden netije çykaryp ýörmeli däl. Ol özüniň ýokary derejeli syýasatçydygyny, durnukly syýasatçydygyny subut etdi” diýip, Hauster aýtdy.

Ýene bir warşawaly, Hanym Horodekka özüniň täze prezidentiň öňki prezidentiň ölümi barada barlag geçirmegini isleýändigini bildirdi.

“Men az-kem alada edýärin. Meniň ileri tutýanym Kaçinskidi. Häzirem ol ýene bir wagt häkimiýet başyna geler diýip, umyt edýärin. Ol Polşa üçin gowy işleri eder. Ýöne meniň her zatdan öň umyt edýänim ozalky Kaçinskiniň uçar heläkçiligine düşündiriş tapylmagy. Bu barada edilmeli işler entek köp. Men bu işi häzirki häkimiýetleriň etjekdigine şübhelenýän” diýip, Horodekka aýtdy.

4-nji iýulda Polşada geçen ses berişlik Ýewropa Bileleşigine degişli beýleki ýurtlarda hem ýakyndan gyzyklanma döretdi. Sebäbi Kaçinski beýleki ýolbaşçylar bilen köplenç oňuşman gelipdi.

Ýewropa Bileleşiginiň gezekleşilip ýerine ýetirilýän prezidentligi geljek ýylyň 2-nji ýarymynda Polşa geçýär.
XS
SM
MD
LG