Sepleriň elýeterliligi

Seminarlar, jemgyýet we döwlet syýasaty


Ýakynda BMG-niň Ösüş programmasy (UNDP) we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bilelikde amala aşyrylyan proýektiň çäginde Aşgabatda adam hukuklary boýunça yzygiderli seminarlar geçirildi.

Seminarlara hukuk tertibini goraýjy edaralardan 150 işgär gatnaşdy. Çärede adam hukuklary, gender deňligi ýaly birnäçe meselelere seredildi diýlip, habar berilýär.

Soňky döwürde Türkmenistanda halkara guramalar tarapyndan beýle çäreler kän geçirilýär. Türkmenistanda dürli seminarlaryň, dürli halkara derejesindäki maslahatlaryň yzygiderli geçirilýändigi barada türkmen metbugaty ýazýar.

Emma iş ýüzünde hiç hili özgerişiň göze ilmeýändigini türkmenistanly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar: “Belki, ykdysadyýetiň käbir pudaklarynda ol özüniň oňyn netijelerini berse berýändir. Emma metbugat önki döwlet ideologiýasyna hyzmat edýän maşyn bolup galýar”.

Bugaýewiň aýtmagyna görä, döwrüň, jemgyýetiň, adamlaryň hak-hukuklaryny, kynçylyklaryny gozgaýan makalalar çap edilmeýär. “Geçirilýän seminarlar diňe bellik üçin geçirilýäne meňzeýär. Çäreleriň iş ýüzünde hiç hili netijesi göze ilmeýär.”

“Munuň esasy sebäbi ýurtda söz azatlygy, metbugat azatlygy babatda kämil kanunyň ýoklugy. Bar köne kanunyň hem iş ýüzünde işlemeýändigi” diýip, Bugaýew sözüni dowam etdirdi: “Entegem metbugatda senzura höküm sürýär. Çeper döredijilik babatda hem ýokary çeperçilik diýilýän geňeş bar, bu senzuranyň üstündäki senzura. Şu ýagdaý seminarlara gatnaşýan adamlaryň okuwlardan alýan düşünjelerini amal etmäge hiç hili mümkinçilik bermeýär.”

Hiç hili ýol bolmasa...

Halkara guramalar tarapyndan geçirilýän seminarlaryň gün tertibinde adam hukuklary, olaryň goralyşy baradaky mesele durýar. Emma ýurtda adam hukuklaryny goraýan garaşsyz guramalaryň, jemgyýetleriň ýokdugy bu meselaniň hem agsaýandygyny bildirýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Fransiýadaky Merkezi Aziýa boýunça adam hukuklaryny goraýjy assosiasiýanyň başlygy Nadežda Ataýewanyň pikirine görä, bu ýerde seminarlara iberilýän işgärleriň nähili prinsiplere görä saýlanyp alynýandygy mohüm rol oýnaýar.“Türkmenistanda adam hukuklary meselesinde iş alyp barýan adamlar ýurduň ýörite gulluklary tarapyndan yzarlanýarlar. Kimde-kim öz hukuklaryny goramak islese, ol ýörite sanawa girizilýär”.

Ataýewa muňa mysal edip, häzir Türkmenistanda Orsýetiň we Türkmenistanyň raýatlygyny alan graždanlaryň iki ýurtdan birini saýlamaly bolýandygyny, bu hakda kim açyk arz etse, Milli howpsuzlyk gullugynyň edarasyna çagyrylýandyny aýdýar.

“Adam hukuklaryny goraýjylarda problemalary doly öwrenmek hem-de žurnalistler arkaly jemgyýetçilige ýetirmek mumkinçligi bolmaly. Eger-de bar kynçylyklar jemgyýetde açyk aýdylmasa, hökümet bilen gepleşik geçirmegiň hiç hili ýoly bolmasa, ol ýurtda adam hukuklary goralmaly” diýip, Nadežda Ataýewa sözüniň üstüni ýetirdi.

Garaýyşlar tapawutly

Özbegistanly syýasaty öwreniji Isgender Hudaýbergenow hem türkmen häkimiýetleriniň iş ýüzünde adam hukularyny amala aşyrmaga mümkinçilik bermeýändiklerini aýdýar. “Munuň hem sebäbi ýurduň demokratik ösüş ýolundan barýandygyny, şeýle-de adam haklary barada hem käbir işleriň edilýändigini öz halkynyň aňyna siňdirmekden ybaratdyr. Emma Türkmenistanda ýakyn arada bu ugurda hiç hili özgeriş bolmaz. Sebäbi totalitar döwletler demokratiýa ýakynlaşmgyň däl-de, ondan uzaklaşmagyň ýollaryny gözleýärler”.

Ýazyjy Bugaýewiň pikirine görä, ýurtda söz we metbugat azatlygy bolsa ýagdaý üýtgär: “Biz ilki bilen özümizde söz we metbugat azatlygynyň ýokdugyny boýun almaly. Eger-de ýurtda söz we metbugat azatlygy bolsa, pul töläp, uzak ýurtlardan spesialistleri çagyrmak zerur dal. Hakykat bu uly guýç. Hakykaty boýun almazdan, öne gidip bolmaýar.”

Adam hukuklaryny goraýjy Nadežda Ataýewa Türkmenistanda diňe syýasy basyşlaryň netijesinde adam hukuklary meselesinde ilerleme bolup biler diýýär. “Hökümet agzalary bilen iş salyşýan daşary ýurt inwestorlary hem bu işe üns bermeli, olar üçin hem adam hukuklary möhüm mesele bolmaly, diňe şonda bu ugurda Türkmenistanda duýarlykly özgerişlere garaşsa bolar”.
XS
SM
MD
LG