Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl we Palestin awtonomiýasynyň wekilleri duşuşdy


Ysraýylyň Goranmak ministri Ýehud Barak Palestin awtonomiýasynyň premýer-ministri Salam Faýýad bile Iýerusalimde duşuşdy. Hiç hili bilelikdäki beýannama edilmedi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli meseleleriniň maslahat ediljekdigini Baragyň edarasy ýekşenbe güni habar beripdi. Bu soňky gepleşik ençeme aýyň dowamynda şeýle ýokary derejedäki ilkinji ysraýyl- palestin duşuşygydyr.

Hepdäniň ikinji güni Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen gepleşikler geçirer. Iýerusalimdäki duşuşyk Waşingtonda boljak gepleşikleriň öň ýany boldy.

Ysraýyl-palestin gatnaşyklaryny parahatçylykly kadalaşdyrmakda baş araçy bolmak bilen ABŞ taraplaryň arasynda göni gepleşikleri ýola goýmaga çalyşýar.
XS
SM
MD
LG