Sepleriň elýeterliligi

Talyplaryň täsirli komandirleriniň biri öldürildi


Talyplaryň täsirli komandirleriniň biri öldürildi diýip, Pakistanyň harbylary habar berýär.

Harbylaryň maglumatyna görä, Emirulla Mesud Demirgazyk Weziristanda - Miranşah şäherinde esgerler bilen bolan atyşykda öldürilipdir.
Mesud Pakistandaky “Talybanyň” söweşijileriniň iň görnükli komandirleriniň biridi.

Mundan öň Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gelany yslam ekstremizmine garşy göreşde häkimiýetlere kömek bermäge ýurduň ähli syýasy partiýalaryny we dini liderleri çagyrdy.

Yslamabatda regional häkimiýetleriň wekilleri hem hökümet çinownikleri bilen duşuşykda çykyş edip, Ýusuf Gelany terrorizme garşy göreş boýunça umumy strategiýany işläp düzmek üçin umumymilli konferensiýa geçirmegi teklip etdi.

Geçen hepdäniň penşenbe güni Lahorda bolan goşa partlamada 42 adam ölüp, 175-si ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG