Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Uýgur awtonom etrabynda howpsuzlygy güýçlendirdi


Hytaý häkimiýetleri ýurduň günbataryndaky Sinjan - Uýgur awtonom etrabynda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler. Bu ýerde etnik esasda bolan bidüzgünçiliklere bir ýyl dolýar.

Harbylar awtonomiýanyň paýtagty Urumçy şäherinde köçelere aýlanyp, gözegçilik edýärler. Şäheriň merkezi meýdançasy ýapyk.

Geçen ýyl Urumçyda we Uýgur awtonom etrabynyň beýleki şäherlerinde uýgurlar bilen hytaýlylaryň arasynda bolan çaknyşyklarda 200 töweregi adam ölüp, 1700-si ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG