Sepleriň elýeterliligi

Moskwa Gyrgyzystany goldamaga taýýardygyny aýdýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Gyrgyzystany goldamaga Moskwanyň taýýardygyny aýtdy.

Astanada Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen duşuşykda Medwedew milletine garamazdan, gyrgyzystanyň graždanlaryny goramaga çagyrdy.

Orsýetli kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Otunbaýewa häzirki asudalyga garamazdan, Gyrgyzystanda zorluklaryň ýaňadan möwç almak howpunyň saklanýandygyny aýtdy.

Ýakynda Gyrgyzystanda etnigara çaknyşyklarda 300 töweregi adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG