Sepleriň elýeterliligi

Şu ýylyň 6 aýynda dünýäde 59 žurnalist heläk boldy


Gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagty şu ýylyň birinji ýarymynda dünýäniň dürli ýurtlarynda 59 žurnalist heläk boldy diýip, hökümete degişli däl Press Emblem Campaign (PEC) halkara guramasy duşenbe güni habar berdi.

Şweýsariýada ýerleşýän bu guramanyň Baş sekretary Bleza Lempeniň sözlerine görä, ýarym ýylda habar serişdeleriniň wekillerinden iň köpi - dokuz adam Meksikada heläk bolupdyr.

Žurnalistler üçin howply ýurtlaryň arasynda Gonduras, Pakistan, Nigeriýa we Filippinler bar.

Press Emblem Campaign guramasynyň maglumatyna görä, Orsýetde üç žurnalist öldürilipdir. Olar bu ýurtda syýasy konfliktleriň we guramaçylykly jenaýatçy toparlaryň pidasy bolýarlar.
XS
SM
MD
LG