Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Tbiliside gepleşikler geçirdi


“Gürjüstanyň territorial bitewiligi prinsipine Waşington wepalylygyny saklar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Tbiliside Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy.

Klinton şeýle-de bir taraply Gürjüstanyň düzüminden çykan, öz-özüni garaşsyz yglan eden hem Orsýet tarapyndan ykrar edilen Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň territoriýasynda Orsýetiň harby baza döretmekçiligi bilen bagly alada bildirdi.

Klinton Gündogar Ýewropa we Kawkaz ýurtlaryna sapayny Tbiliside tamamlaýar. Ol mundan öň Ukrainada, Polşada, Azerbaýjanda we Ermenistanda boldy.
XS
SM
MD
LG