Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň ministri palestin premýer-ministri bilen duşuşýar


Ysraýylyň goranmak ministri Ýehud Barak Iýerusalimde Palestinanyň premýer-ministri Salam Faýýad bilen duşuşdy. Bu iki tarapyň arasynda ençeme aýdan soň bolan ilkinji ýokary derejeli duşuşykdyr.

Bu duşuşyk Waşingtonda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň arasynda boljak duşuşygyň öň ýanynda boldy.

Prezident Obama iki tarapyň göni gepleşiklere girmegini isleýär.

Palestinalylar ysraýyllalaryň 2008-nji ýylyň aýagynda Gaza zolagyna eden 22 günlük hüjüminden soň göni gepleşiklerden çekilipdiler.
XS
SM
MD
LG