Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Gaza zolagyna gabawyny gowşadýar


Ysraýyl Gaza zolagyna eltilmegi gadagan edilen zatlaryň täze gara sanawyny çap etdi.

Bu Ysraýylyň kömek gämisine eden ölümli hüjüminden soňky halkara tankydyna jogap hökmünde görlen çäre bolup, Gaza eltilmeli azyk we hojalyk harytlarynyň bir toparynyň gadaganlygyny soňlaýar.

Emma Gazada gaty zerur bolan gurluşyk materiallary diňe BMG ýaly guramalaryň gözegçiliginde getirilip bilner.

Prezident Barak Obama bu gabawyň mazaly gowşadylmagyna çagyrdy.

Gaza zolagyna gözegçilik edýän Hamas herketi bu çäräniň ol ýerde ýaşaýan 1.5 million çemesi palestinaly üçin «peýdasyzdygyny» aýtdy.
XS
SM
MD
LG