Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus, Orsýet we Gazagystan Gümrük bileleşigine goşulýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, üç ýurduň prezidentleri degişli dokumentlere gol çekenden soň, Orsýet, Gazagystan we Belarus arasyndaky Gümrük bileleşiginiň güýje girýändigini yglan etdi.

Moskwa bilen Minskiniň arasynda energiýa bahalary, nebit borçlary barada hepdäläp dowam eden çekeleşikler Orsýet bilen Gazagystany Gümrük bileleşigini 1-nji iýulda iki taraplaýyn esasda gurup başlamaga mejbur edipdi.

Medwedew bu habary Astanada geçýän Ýewraziýa ykdsady jemgyýetiniň sammitinde yglan etdi.

Gyrgyzystanyň we Täžigistanyň ýolbaşçylary hem öz ýurtlarynyň bu bilelişige goşulmak barada pikir edýändiklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG