Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Gürjüstanyň toprak bitewiligini goldaýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Waşingtonyň Gürjüstanyň toprak bitewiligi babatda berk pikirde galýandygyny aýtdy.

Klinton Tbiliside Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen gepleşiklerden soň çykyp gürläp, Birleşen Ştatlaryň adminstrasiýasy Orsýete «täsir meýdanlaryny» kabul etmeýändigini aýtdy diýdi.

Klinton Orsýetiň Gürjüstanyň bölüniji regionlary bolan Abhaziýada we Günorta Osetiýada hemişelik harby bazalaryny gurmagyndan alada bildirdi.

Moskwa bilen Tbilisi 2008-nji ýylyň awgustynda bu sebitiň üstünde gysga wagtlyk urşa giripdi.

Gürjüstan Klintonyň gündogar Ýewropa we Kawkaza eden bäş günlük saparynyň soňky duralgasy boldy. Ol ozal Ukraina, Polşa, Azerbeýjana we Ermenistana barypdy.
XS
SM
MD
LG