Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DNA testi üçin küşt ussadynyň jesedi gazylyp çykaryldy


Islandiýa häkimiýetleri, 9 ýaşly filippinli gyzyň atasydygyny ýa däldigini anyklamak üçin, amerikan küşt çempiony Bobbi Fişeriň jesedini gazyp çykardylar.

Fişeriň jesedi günorta Islandiýadaky Selfosyň golaýyndaky gonamçylykda, doktorlaryň, ruhanynyň we beýleki resmileriň gatnaşmagynda gazylyp çykaryldy we DNA nusgalary alnyp, gaýtadan jaýlandy.

Fişer 2008-nji ýylyň ýanwarynda, 64 ýaşynda ýogalypdy.

Geçen aý Islandiýanyň ýokary sudy DNA barlagy üçin Fişeriň jesedini gazyp çykarmak barada höküm çykardy. Bu höküme Marilin atly aýalyň Fişeriň öz gyzynyň kakasydygyny aýtmagy sebäp boldy.

Fişer 1972-nji ýylda Reýkýawikde geçen dünýä çempionatynda Sowet Soýuzynyň küşt ussady Boris Spasskini utup, dünýä meşhur bolupdy.
XS
SM
MD
LG