Sepleriň elýeterliligi

Bosniýanyň öňki lideri Britaniýadan gaýtmajak bolýar


Bosniýanyň öňki prezidenti Eýýup Ganiç Londonda özüni Serbiýa ugratmak baradaky sud başlananda ol ýerde özüniň adalatly sud edilmeginiň mümkin däldigini aýtdy.

Serbiýanyň adyndan çykyş edýän ýuristler Ganiçiň uruş jenaýatlarynda günälidigini, onuň 1992-nji ýylyň maýynda Saraýewoda edilen zalymlyklara buýruk berendigini aýtdylar.

64 ýaşly Ganiç bu diýilýän hüjümlere özüniň jogapkär däldigini aýtdy we serbiýa iberilmegine garşy durdy.

Serbiýa Ganiçiň Bosniýa konflikti mahalynda, 1990-njy ýyllaryň ortasynda yza çekilýän ýugoslaw goşunlarynyň konwoýyna hüjüm edilmegini buýrandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG