Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidente nähili halk gerek?


Türkmenistanda jöwzaly tomus höküm sürýär, adamlar welin, diňe bir howa sebäpli däl-de, eýse prezidentiň şu ýylyň başynda beren süýji wadasyny ýatlap, hyýalda ýygy-ýygydan onuň Baýdak baýramyndaky çykyşyna dolanýarlar. Şonda ol, bu wezipä saýlanansoň üç ýyldan soň, 18-nji fewralda, ahyrsoňy özünden kän garaşylan zady aýtdy: Türkmenistanda köppartiýalylyk giriziler. Diýmek, bu çaka çenli ýurtda köppartiýalylyk mümkin däl eken.

Şol bir wagtyň özünde-de Baş kanunyň 30-njy maddasynda: “Graždanlaryň Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäginde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşmeleri döretmäge hukuklary bardyr.” diýilýär. Ýöne bu madda ozal diňe gözboýagçylyk üçin kabul edilen bolsa nätjek?! Ýurduň Baş kanunyň iň zerur maddalary-da, prezidentden rugsat bermese, asyl hiç zat eken.

Bu faktdan ugur alsaň, Türkmenistanda prezident Baş kanundan ýokarda bolup çykýar. Eger-de siwilizlenen dünýäde Baş kanunyň diňe bir ähli adamlardan, ähli wezipelerden däl, eýse ähli beýleki kanunlardanam ýokarda durýanlygyny we durmuşa gös-göni geçýändigini ýatlasak, onda Türkmenistanda adamzat jemgyýetinde kabul edilen standartlardan sowa düzgüniň dörändigini boýun almaly bolýar.

Elbetde, bu öňem bellidi, ýöne 18-nji fewraldan soň, ýurduň syýasy durumy dogrudaky gözilginç hakykat has äşgär görünýär: Konstitusia köppartiýalylyga rugsat berse-de, döwlet onuň öňüne böwet basypdyr. Muny gytaklaýyn boýun almak bilen Konstitusiýanyň 50-nji maddasyna görä, onuň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň garanty bolmaly prezident bizde Baş kanunyň – boş kanundygyny aýdýar.

Prezidentiň köppartiýalylygy girizmek teklibini hödürleýşinde-de örän uly ýöwsellik, ikigöwünlilik bar. Ol hem-ä köppartiýalylygyň giriziljekdigini aýdýar, hem-de badat-bat onuň daşyna çyzyk çekýär. Ýagny, bize “Daýhanlar partiýasy” gerek, ol döwletiň agrar syýasatyny halka düşündirmeli diýip, täze döremeli partiýanyň etmeli işini özi kesgitläp goýýar. Beýle köppartiýalylygyň ýurtda hiç hili pikir erkinligini, plýuralizmi döredip bilmejekdigine düşünmek kyn däldir. Bu ýagdaýda Berdimuhamedowyň çekinjeňlik bilen hödürlemäge synanyşýan teklibiniň derejesine çenli özüniň ösmegine näçe ýyl garaşmaly bolarka?

Prezident bir ýagdaýa üns bermeli


Köppartiýalylygyň yglan edilmegine ynanmadyk kändir, ýöne begenmedik azdyr. Begenmedikleriň kimlerdigi belli, olary halkyň agzyny mumlap, hakyny iýip ýören betpäl ýaranjaňlaryň arasyndan gözlemeli. Öz döwletine, öz topragyna wepasy bolan adamlaryň arasynda köppartiýalylyga garşy bar diýilse, oňa ynanmak kyn. Sebäbi ýeke partiýalylygyň Türkmenistanda aýylganç başistik diktaturany döredendigini, türkmenleri lepbeýçi halka öwrendigini bu gün bilmeýän barmy nä? Eger öz halkynyň mundan beýläk ruhy taýdan çökmegini islemeýän bolsa, prezident gaýrata galmaly, köşk hadymlarynyň “hyşy-wyşysyny” däl-de, öz halkyny, öz döwrüni diňlemeli.

Başistik diktatura türkmeniň milli gylyk-häsiýetini ep-esli ýoýdy. Bu ýerde geň galasy zat ýok, türkmenleriň ata-babalarynyň batyr hem gaýduwsyz bolanlygy ykrar edilse-de, bu günki gün olara daşary ýurtlarda, gynansagam, lepbeýçi, ýaranjaň millet hökmünde garaýarlar.

Garaşsyzlyk döwründe S.Nyýazowyň başyny başlan syýasatynyň iru-giç türkmeni şeýle masgaraçylygyň üstünden eltjekdigi öňem bellidi. Ynha, ol aýylganç gün, aýylganç pursat gelip ýetdi: halkara synçylary lepbeýçi ýaranjaňlygy bu günki türkmenleriň milli häsiýeti diýip belleýärler. O bolmanam, ötüp giden ata-babalaň abraýy hiç kesi masgaraçylykdan ömürlik goramaz. Eger özüňde san bolmasa, bir günden bir gün hakykaty köz kimin, bazyrdadyp, ýüzüňe basjakdyklary hak.

Bu ýagdaýda, eger türkmeniň ata-babadan galan abraýynyň soňky düşnüginiň ýok bolup gitmegini islemeýän bolsa, prezident G.Berdimuhamedowa öz ýoluny saýlamaga çen boldy. Oňa nähili halk gerek: ýaranjaňmy ýa mertebeli mert halk? Eger mert halk gerek bolsa, mertligi goldamaly, ýaranjaň halk gerek bolsa-da, edil S.Nyýazowyňky ýaly, ülhit ýaranjaňlary. Sebäbi ýurtda ýaranjaňlygy goldasaň, ýaranjaň köpeler, mertligi goldasaňam – mert.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG