Sepleriň elýeterliligi

Ýakynda BMG-niň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň wekili Alekseý Tihomirow sapar bilen Aşgabada geldi hem prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleri duşuşygy ideologik edaralaryň talap edişi ýaly beýan etdiler. Taraplar gezek-gezegine biri-biriniň adresine ýakymly, göwün göteriji sözler aýtdylar. Şonuň bilenem tutuş hekaýat tamalandy. Ýogsa Türkmenistan bilen BMG-niň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň arasynda heniz çözülmedik uly bir mesele keserip ýatyr ahyryn!

Şu wagta çenli Türkmenistanda sosial-ykdysady meselelere gös-göni gatnaşygy bolan maglumatlar iň bir gizlin döwlet syry hökmünde saklanyp, daşary çykarylmaýar. Şol maglumatlar ýurtda dowam edýän işsizlik barada. Duşuşyga gatnaşyjylar şu problemanyň üstünden bardymy ýa ýok? Belli sebäplere görä, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleri bu barada dymmaga mejbur.

Aslyýetinde weli işsizlik problemasy, spesialistleriň berýän maglumatyna görä, ýurtda betbagtçylyk derejesinde bolup, ol edil dünýäniň iň yzagalak ýurtlaryndaky ýaly. Belki-de şonuň üçin bu mesele boýunça maglumatlar iň gizlin döwlet syrlarynyň birine öwrülendir? Jemgyýetden ýaşyryn saklanýan beýle syrlar türkmen häkimiýetlerinde başga-da köp.

Ýurtdaky ýüzlerçe müň işsizi hasaba almak bilen, eger türkmen ýolbaşçylary hakyky sosial-ykdysady kartany açsalar, onda propaganda Türkmenistanda amala aşyrylýan “ägirt uly işler” baradaky suwjuk aýdymlaryny aýtmakdan, ýapa ýanaşmaýan boş öwgüden püre-pür pöwhe sözlerini ýazmakdan mahrum bolar oturyberer.

Prezidentiň BMG-niň wekili bilen duşuşyklarynda indi gör-bak näçinji sapar bir tema tekrarlanýar: ýolbaşçylarynyň üstünlikli ýöredýän syýasaty netijesinde Türkmenistan ýakynda dünýäniň köp ýurtlarynyň depesinden inen maliýe-ykdysady krizisden öwrüm edip geçmegi başardy. Ýöne weli işsizlik baradaky hakyky maglumatlaryň berkden-berk, aşa gizlin saklanýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ençeme ýyllar bäri, belki onýyllyklar bäri ýok edip bolmaýan öz krizisi bar.

Işsizligiň derejesi

Eger iň bir bärki sanlardan çen tutulsa, ýakynda Orsýetiň “Trud” gazeti Türkmenistanda işe ukyply ilatyň 25%-niň işden mahrumdygyny ýazdy. Bu diýildigi ýurduň her dördünji graždanynyň işsizdigini aňlatmaýarmy? Diýmek, işe ýerleşip bilmän kösenýän adamlaryň sany ýarym million bolýar.

Ýöne mundan başgarak, spesialistleriň has elhenç statistik maglumatlaram bar. Resmi maglumatlaryň ýokdugy üçin adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary ýurtdaky bäş sany uly şäheriň biri bolan Daşoguzyň mysalynda öz derňewini geçirdi. Netijede işsizleriň sany 50%-e ýetdi.

BMG bilen bagly aýdylanda, onuň «International Labour Organization» edarasy 2007-nji ýylda soňky gezek Türkmenistandaky ýagdaýa baha bermäge synanyşdy. Şonda ýurtdaky işsizlik dünýäniň ähli rekordlaryny tozana gardy, işsizligiň derejesi 60%-e ýetdi. Soňky üç ýylda bu köpçülikleýin sosial betbagtçylygy bölekleýinem bolsa azaltmak üçin türkmen häkimiýetleriniň bir zatlar eden-etmäni doly syrlygyna galýar.

Real ýagdaýy ýaşyrmagyň özi işsizlik meselesini çözmekde häkimiýetleriň bitiren işiniň, gazanan ýeňşiniň ýokdugyna gytaklaýyn tassyklama bolup biler.

Sosial-ykdysady problemalary görer gözden gizlemek aslyýetinde häzirki propagandanyň baş şygary bolan “Döwlet halk üçindir” diýilýäni püçege çykarýar. Ýüzlerçe müň işsiz kösenip ýören türkmenistanly şol şygara nähili düşünmeli? Olaryň häzirki düşen ýagdaýynda bu şygar bihaýalyk ýa-da döwletiň adyndan diriligine gabra sokmak ýaly bir zat bolup görünýär.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG