Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Parlamentarizme tarap öňe!


27-nji iýunda Gyrgyzystanda wagtlaýyn hökümetiň taýýarlap, halka hödürlän täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça, ýörite ählumumy pikir soralyşyk, referendum geçirildi. Referendumy taýýarlan resmi wekilleriň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýaýradan habarlarynda referenduma gatnaşan ilatyň 90%-den gowragy hödürlenen täze Konstitusiýanyň proýektini goldandygy aýdylýar.

2005-nji ýylda Gyrgyzystanda bolup geçen "Çigildem rewolýusiýasyndan" soň, Bakyýewiň ýolbaşçylygyndaky hökümet 2006-njy ýylyň 8-nji noýabrynda ozalam Gyrgyzystanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny kabul edipdi. Aradan köp wagt geçmedik hem bolsa, üstümizdäki ýylyň aprel aýynda halkyň goldamagy bilen döredilen Roza Otunbaýewanyň wagtlaýyn hökümeti täze Baş kanunyny kabul etmeli diýen karara geldi.

Öňki Konstitusiýa syýasy bilermenler demokratik düzgünlerine gabat gelýän güýçli prezident dolandyryşly respublika diýip ykrar eden hem bolsalar, soňra ol durmuşda öz kemçiliklerini doly görkezdi. Merkezi Aziýanyň hemme döwletleriniň konstitusiýasy prezident dolandyryş formasyny ykrar edýär. Bilermenleriň we hukuk boýunça ekspertleriň synlarynda bu konstitusiýalaryň hemmesiniň-de demokratik prinsiplere gabat gelýändigini tekrarlasalaram, olarda esasan diktaturalar ornaşdy we häzirki güne çenli awtoritar dolandyryş dowam edýär.

Näme üçin demokratik prinsiplerden ugur alan konstitusiýalar bu ýurtlarda kanuna boýun egýän hökümetleri döredip bilmedi? Munuň esasy sebäpleriniň biri hem bu döwletlerde prezident dolandyryş formasynyň girizilmegidir. SSSR imperiýasynyň düzümine giren döwletler, esasanam Merkezi Aziýa ýurtlary ozal asyrlar boýy hanlyk, beglik, soltanlyk sistemalarynda ýaşap gelipdiler. Häzirki wagtda diktaturanyň ornaşmagyny-da olar-da däp boýunça kollektiwleýin däl-de, ýeke-täk şahsyýet dolandyrýan döwlet gurluşly sistema öňden galan endik bilen düşündirse bolar. Bu ýurtlaryň konstitusiýalaryna girizilen prezidentlik dolandyryş düzgüni bu ýurtlaryň prezidentlerine, özlerini hanlaryň, begleriň derejelerinde goýmaga, mümkinçilik döretdi. Elbetde, şeýle ýagdaýlaram Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn, uly goňşularynyň biri, Russiýa Federasiýasyna gaty bähbitlidi. Bir şahsyýetiň göwnüni tapyp, ýurduň tebigy baýlyklaryny gara şaýa satyn almak ýa-da olaryň territoriýasynda harby goşunyny saklap, gerek bolan wagty ýaraga daýanyp, şol döwletleri gerek bolsa täzeden basyp almak ýa haýbat atmak, elbetde, bähbitlidi. Şonuň üçin bu ýurtlarda demokratiýanyň ornaşmagy putinçiler üçin gaty howply öwrülişik.

Gyrgyzlaryň konstitusiýalarynyň täze redaksiýasyny kabul etmek boýunça geçiren referendumyna Russiýanyň ýolbaşçylary Wladimir Putin we Dmitriý Medwedew özleriniň ynamsyzlyklaryny bildirdiler. Wladimir Putin bolsa gyrgyzlaryň wagtlaýyn hökümetinden parlamentarizme ýykgyn edýän Konstitusiýany kabul etmekden saklanmaga çagyrýar. Sebäbi parlamentarizm totalitar we awtoritar režimleri ýok edip biljek ýeke-täk güýç. Bu hem geljekde, ýokanç kesel ýaly, SSSR-iň hemme döwletlerine ýaýrap biljek.

Referendumda kabul edilen konstitusiýanyň öňkülerden nähili aýratynlyklary bardy? Bakyýewiň konstitusiýasynda 101 madda bolan bolsa, täze kabul edilen gyrgyz Baş kanuny 114 maddadan we 9 bölümden ybarat.

I. Bölüm. Konstitusion gurluşyň esaslary.
II. Bölüm. Adamlaryň we graždanlaryň hukuklary we azatlyklary.
1. Bap. Hukuklaryň we azatlyklaryň esaslary.
2. Bap. Adam hukuklary we azatlyklary.
3. Bap. Graždanlyk. Graždanlaryň hukuklary we borçlary.
III. Bölüm. Gyrgyzystan Respublikasynyň prezidenti.
IV. Bölüm. Gyrgyzystan Respublikasynyň Kanun çykaryjy häkimiýeti.
1. Bap. Ýokarky Geňeş (parlament).
2. Bap. Ýokarky Geňeşiň ygtyýarlyklary.
3. Bap. Kanun çykaryjylyk wezipesi.
V. Bölüm. Gyrgyzystan Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýeti.
VI. Bölüm. Gyrgyzystan Respublikasynyň Sud häkimiýeti.
VII. Bölüm. Beýleki döwlet edaralary.
VIII. Bölüm. Ýerli dolandyryş.
IX. Bölüm. Konstitusiýa üýtgetmeler girizilmeginiň düzgünleri.


Baş kanunda esasy belläp geçmeli maddalaryň biri hem iň ýokary halk häkimiýeti hakyndadyr. Eger köne Konstitusiýada ýokary halk häkimiýeti diňe prezidente berlen bolsa, täzede ol 3-nji Maddanyň üsti bilen parlamente (Ýokarky Geňeşe) we prezidente bilelikde ynanylypdyr. Prezidentiň funksiýalary doly kemeldilipdir. 61-nji maddada prezident alty ýyllyk möhlete saýlanýanlygy we şol bir adamyň iki gezekden artyk saýlanmaga hukugynyň ýoklugy aýdylýar. 62-nji maddanyň ikinji böleginde prezidentlik wezipesine dalaşgärleriň saýlawa gatnaşýanlarynyň sany kesgitlenmeýär we her bir graždanin dalaşgär bolmak üçin saýlawçylaryň 30 müň sanynyň gollary ýygnalan hasabat esasynda dalaşgär bolup bilýär. Bu Baş kanunda berkidilen. Öňli konstitusiýada olaryň sany 60 müň bolmalydy. 67-nji maddada «Eger-de prezident öz wezipesini ýerine ýetirýän döwründe kanuna çapraz gelýän hereketleri etse, onda Ýokarky Geňeşiň talapy bilen deputatlaryň 3/2 böleginiň ses bermegi bilen prezidentlik wezipesinden çetleşdirilýär we soňra ol jenaýat jogapkärçiligine çekilýär» diýlip görkezilipdir. Bakyýewiň konstitusiýasynda prezident Ýokarky Geňeşi (parlamenti) öz islegi bilen, möhletinden öň ýatyryp bilen bolsa, täze konstitusiýada bu hukuk (78-nji madda) Ýokary Geňeşiň özüne berlipdir.

Prezident öňki konstitusiýada 46-njy madda görä, premýer-ministri wezipä belläp bilen bolsa, täze Baş kanunda ol hukuk saýlawçylara berlipdir. Täze kabul edilen kanunda parlamentde 120 deputatyň ýeri tassyklanypdyr. Olaryň 65-si köppartýalylyk sistemasy bilen saýlanan partiýalara ynanylýar. Şol 65 orundan, haýsy partia köp ses alsa, şol hem hökümeti düzýär. Partiýanyň lideri bolsa, premýer-ministr wezipesine eýe bolýar. Prezident amala aşan fakty diňe üç günüň içinde tassyklaýmaly bolýar. Eger ol şol wagtyň dowamynda ony tassyklamasa, onda premýer-ministr kanuny ýagdaýda öz wezipesine başlaýar. Premýer-ministr 15 iş gününiň dowamynda öz hökümetiniň düzümini we programasyny taýýarlap, Ýokarky Geňeşiň garamagyna berýär. Ýokarky Geňeş, eger ony (programany we düzümi) kabul etmese, onda prezident parlament saýlawynda ikinji ýer alan syýasy partiýa 15 günüň içinde hökümet düzmäge çagyrylýar.

Premýer-ministriň ygtyýaryndaky hökümet strukturalaryna howpsuzlyk ministrlikleri girmeýär. Olar prezidentiň garamagynda durýarlar. Ýöne şol wezipä görkezilýän dalaşgärleri olaryň edaralary öz içlerinden saýlap, mynasyp görenlerini hödürleýär. Ýurtda adatdan daşary ýagdaýy girizmek we uruş yglan etmek funksiýasy prezidente berlen hem bolsa, gerek ýerinde Ýokarky Geňeş ony ýatyryp, ýa-da saklap bilýär. Prezident alyp barýan işlerinde, goý, ol daşary syýasat bolsun ýa içeri, hökman Ýokary Geňeş bilen maslahat etmeli. Daşary ýurtlara adatdan daşary ilçi iberende, Prezident ony hem premýer-ministr bilen ylalaşyp bellemeli.

Umumy aýdanyňda, täze kabul edilen Konstitusiýada köp täzeliklere duş gelse bolýar. Munda adam hukuklary we azatlyklary hakynda berlen maddalaryň sany 16-dan 59-а çenli barýar. 27-nji madda azatlykdan mahrum edilen adamyň gaýtadan jenaýat işine seredilmek, 43-nji maddada her kimiň iş taşlamak hukuklarynyň barlygy aýdylýar. Bu hem täze hökümetiň esasy ünsi adam gymmatlyklaryna berýänligindedir. Täze Baş kanuny düzmek bilen wagtlaýyn hökümet hereket edýän Ýokarky Geňeşiň funksiýasyny giňeldipdir. Hemme ugurlardan diýen ýaly gözegçilik roly Ýokary Geňeşe berlipdir. Premýer-ministrem öz hökümeti bilen Ýokarky Geňeşiň öňünde hasabat bermäge borçly edilen.

Gyrgyzlaryň kabul eden konstitusiýasynyň düzgünleri ýaly ýagdaýlar dünýä praktikasynda hem duş gelýär. Fransiýanyň, Portugaliýanyň, we Islandiýanyň döwlet dolandyryş görnüşi gyrgyzlaryň 27-nji iýunda referendumda kabul eden Baş kanunlaryna gaty ýakyn.

Gyrgyzlar ilkinjiler bolup, öňki SSSR-iň çäginde özboluşly Parlamentarizm sistemasyna aýak basan döwletdir. Bularyň üstünlikleri geljekde goňşy döwletlere-de uly täsir eder. Belkem, uzagyndan bu sebitdäki döwletler parlamentarizm sistemasyny saýlarlar. Sebäbi häzirlikçe parlamentarizm totalitarizme we awtoritarizme garşy durup bilýän ýeke-täk güýçdür.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG