Sepleriň elýeterliligi

Silwiýa Rid Kurran diplomatik missiýasyny tamamlady


Türkmenistanda özüniň diplomatik missiýasy tamamlanýan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Silwiýa Rid Kurran

Türkmenistanda özüniň diplomatik missiýasy tamamlanýan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Silwiýa Rid Kurran

Sişenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda özüniň diplomatik missiýasy tamamlanýan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Silwiýa Rid Kurrany kabul etdi. Bu barada türkmen mediasy habar berýär.

Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda Silwiýa Rid Kurranyň ägirt uly şahsy goşandyny aýratyn belläp, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýyl-ýyldan berkeýän özara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejelere çykandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda Berdimuhamedow bilen amerikaly diplomat milli bähbitleri we iki ýurtlaryň sosial-ykdysady ösüşleriniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, ýola goýulýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň häzirki we geljekki ýagdaýlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda iri amerikan kompaniýalarynyň geljegi uly bolan türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy.

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgbatda ilkinji türkmen-amerikan biznes forumy geçirilipdi. Bu çärä türkmen hökümetiniň wekilleri, ikitaraplaýyn ýyllyk syýasy konsultasiýalara gatnaşan ABŞ-nyň döwlet resmileri we birnäçe iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşypdylar.

Uzak Gündogarda baş konsul bolar

Türkmenistanda özüniň diplomatik missiýasyny tamamlan hanym Silwiýa Rid Kurran şu ýylyň sentýabryndan ABŞ-nyň Russiýa Federasiýasynyň Uzak Gündogardaky baş konsuly wezipesinde işe başlar. Bu barada Orsýetiň metbugatlary habar berýär.

Hanym Silwiýa Rid Kurran Çikago şäherinde doglup, ol ýerde buthananyň ýanyndaky mekdebi tamamlaýar. Onuň Biologiýa ylymlarynyň bakalawry derejesi bar, şeýle hem ol Alýaska Uniwersitetinden himiýa ugrundan Tejribe ähmiýetli ylymlaryň kandidaty. Milli serişdeler strategiýasy ugry boýunça Milli Goranmak uniwersitetinden ylymlaryň magistri derejesi bar.

Hanym Kurran diplomatik işe 1987-nji ýylda başlaýar. Ol Meksikada, Kanadada, Hytaýda we Ysraýylda işleýär. Öňki Sowet Soýuzynyň çäklerinde bolsa Moskwada syýasy meseleler boýunça bölümiň başlygynyň orunbasary, Döwlet Sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasarynyň Ýewropa we Ýewraziýa döwletleri boýunça ýörite kömekçisi, Daşkentde Syýasy we ykdysady meseleler boýunça geňeşçi bolup işledi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG