Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň günorta-gündogarynda 9 kürt pitneçisi öldürildi


Türkiýäniň günorta-gündogarynda türk harbylary bilen kürt pitneçileriniň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 3 türk esgeriniň we 9 kürt gozgalaňçysynyň heläk bolandygy habar berilýär.

Türkiýänyň Anatoliýa habar gullugy bu wakanyň Yrak bilen araçäkde ýerleşýän Hakkari raýonynda bolup geçendigini, pitneçileriň türk esgerlerine hüjüm edendiklerini habar berdi.

Çaknyşykda 3 türk esgeriniň ýaralanandygy aýdylýar.

1984-nji ýylda “Kürdistan işçi partiýasy” Türkiýeden garaşsyz bolmak ugrunda hereket edip bäşlany bäri dürli ganly çaknyşyklarda 40 müňe golaý adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG