Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we BMG elektronik innowasiýalar boýunça işleşer


5-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň sebitara geňeşçisi Alekseý Tihomirowy kabul etdi. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklara degişli meselelere garaldy hem-de maglumat we aragatnaşyk innowasiýalaryna degişli tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyldy.
XS
SM
MD
LG