Sepleriň elýeterliligi

Müsürde awtobus sürüjisi 6 adamy atyp öldürdi


6-njy iýulda Müsüriň eteginde awtobusyň sürüjisi öz ýolagçylarynyň 6-ny atyp öldürdi, azyndan 12 adamy ýaralady. Heläk bolanlaryň köpüsi gurluşykda işlän işçiler.

Sürüjiniň birden awtobusy togtadyp, ýolagçylara awtomat ýaragdan ot açandygy habar berilýär.

50 ýaş töweregindäki sürüji tussag edildi. Onuň bu hereketine nämäniň sebäp bolandygy anyklanýar.
XS
SM
MD
LG