Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan Ermenistanyň aýdanlaryny ret edýär


Azerbaýjan resmileri Orsýetiň prezidentiniň Dagly-Garabag konfliktini çözmek meselesinde täze teklip hödürländigi barada ermeni tarapynyň beýanatyny ret etdi.

4-nji iýulda Ýerewanda Hillary Klintonyň gatnaşmagynda geçirilen metbugat konferensiýasynda Ermenistanyň daşary işler ministri Edward Nalbandýan çykyş edip, Sankt-Peterburgda prezident Medwedew bilen Dagly-Garabag meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny, Medwedewiň hödürlän täze teklibiniň “Madrid prinsipleriniň täze görnüşidigini” aýtdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi bolsa bu meselede Orsýetiň uly rol oýnaýandygyna garamazdan, Dagly-Garabag konflikti babatdaky teklipleriň diňe Minsk topary tarapyndan hödürlenmelidigini nygtaýar. Bu barada Azerbaýjan metbugatynda ýurduň DIM-niň metbugat sekretary Elhan Polukowa salgylanylyp habar berildi.
XS
SM
MD
LG