Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa öz howpsuzlyk gulluklary boýunça derňew geçirmekçi


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron 6-njy iýulda parlamentde eden çykyşynda Britaniýanyň howpsuzlyk gulluklarynyň ýurduň daşyndaky adam gynamalaryna dahyly bilen bagly derňewiň geçiriljekdigini aýtdy.

Kameron bu meseläniň aýdyňlaşdyrylmagyna wagtyň gelendigini nygtady.

Häzir asly pakistanly britan raýatlarynyň birnäçesi özleriniň Pakistanda gynalmalara sezewar edilendiklerini, bu işe britanlaryň hem gatnaşandygyny aýdýarlar.

Deýwid Kameron bu iş boýunça derňewiň şu ýylyň soňuna çenli geçirilip başlanjakdygyna ynam bildirdi.

Britan resmileri maglumat almak maksady bilen hiç kimiň gynamalara sezewar edilmegini, beýlekileriň hem şeýle zorluga ýol bermegini islemeýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG