Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Ysraýylyň premýer-ministri bilen duşuşdy


6-njy iýulda Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gepleşik geçirdi. Bu gepleşikleriň esasy maksady ysraýyl-palestin gepleşiklerini dikeltmekden ybarat.

2008-nji ýylda Ysraýyl Gaza zolagyna hüjüm edeninden soň palestin tarapy protest hökmünde Ysraýyl bilen gönüden-göni gepleşik geçirmekden boýun gaçyrypdy.

Ysraýyl Benýamin Netanýahunyň Waşingtona saparynyň öňüsyrasy Gaza zolagyna has köp ynsanperwerlik kömeginiň geçirilmegine ýol berjekdigini yglan etdi.

31-nji maýda dört ýyl dowam eden Gazanyň gabawyndan geçip ýerli ýaşaýjylara ynsanperwerlik kömegini ýetirmäge synanyşan türk gämisine ysraýyl harbylarynyň çozmagyny dünýa jemgyýetçiligi ýiti ýazgarypdy.

Şol waka Gazanyň gabawynyň gowşadylmagyna getirdi.

9 adamyň ölümine getiren şol waka netijesinde ABŞ-nyň regiondaky esasy ýaranlary bolan Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşdy.
XS
SM
MD
LG