Sepleriň elýeterliligi

Türmedäki azeri žurnalistine goşmaça ýyl berildi


Türmä basylan azeri žurnalistiniň aklawçysy öz müşderisine ýene iki ýarym ýyl türme tussaglygynyň berlendigini aýdýar.

Aklawaçy Isahan Aşurow gazet redaktory Eýnulla Fatullaýewe türmede ýanynda neşe saklanlygy üçin iki ýyl alty aý goşmaça iş kesilendigini aýtdy.

Fatullaýew ilki 2007-nji ýylda «jenaýatçylykly töhmet» we «masgaralma» üçin 36 aý türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Aýdylmagyna görä, ol 1990-njy ýyllarda Dagly-Garabag üstünde bolan uruşda azeri esgerleriniň ermenileri öldürişini gyrgyn hökmünde häsiýetlendirip bir makala ýazypdyr. Bir ýyl soň oňa, terrorçylykly haýbat atmakda, etnigara könflikte meçew bermekde we salgytdan gaçmakda aýyplap, ýene sekiz ýarym ýyl iş kesýärler.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunja Mijatovic täze hökümi ýazgaryp çykyş etdi.


XS
SM
MD
LG