Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa parlamenti Gyrgyzystany maslahat etmekçi


Ýewropa parlamenti şu gün giçlik duşuşanda Gyrgyzystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmagy gün tertibine girizmekçi.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary meseleler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Katrin Aşton parlamentiň Gyrgyzystanda geçirilen referendum hakynda pikir alyşjagyny aýtdy.

Bu referendum ýurduň konstitusiýasyny üýtgedip, prezident dolandyryşyny parlament dolandyryşy bilen çalşyrypdy.

Aşton gyrgyz häkimiýetlerini 10-njy oktýabra planlaşdyrylan parlament saýlawlaryny Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyk geçirmegi kepillendirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG