Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Sarkozi peşgeş alanyny inkär edýär


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi 2007-nji ýylda, özüniň prezidentlik kampaniýasy mahalynda Fransiýanyň iň baý aýalyndan 150 müň ýewroluk gizlin nagt pul peşgeşini alandygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Sarkozi hem onuň hökümeti indi birnäçe hepde bäri zähmet ministri Erik Worsy goraýar. Ol Fransiýanyň iň baý aýaly Lilian Bettenkortuň salgytdan gaçmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Eýýäm Sarkoziniň konserwatiw hökümetini mazaly sarsdyran galmagal şu gün täze bir öwrüm aldy. Bettenkortuň öňki hasapçysy fransuz habar saýtyna öz öňki başlygynyň ýogalan adamsynyň Worsa Sarkoziniň 2007-nji ýyldaky kampaniýasy üçin 150 müň ýewro nagt pul teklip edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG