Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran dört neşe gaçakçysyny asyp öldürdi


Eýranyň student habarlar gullugy ISNA Isfahan şäherinde neşe gaçakçylygynda günäli tapylan dört adamyň asylyp öldürilendigini aýdýar.

Häkimiýetler 2007-nji ýylyň iýulynda «ahlaksyzlyga» garşy çäre görmäge başladylar we şondan bäri polisiýa onlarça neşekeşi, neşe gaçakçysyny, adam zorlany we adam öldüreni tussag etdi.

Adam hukuklary guramalary Eýrany dünýäde iň köp adam jezalandyrýan döwlet hökmünde tankyt edýärler.

1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan bäri ulanylýan kanuna görä, Eýranda adam öldürmek, zyna etmek, adam zorlamak, ýaragly talaňçylyk, neşe gaçakçylygy we yslama şek ýetirmek ölüm jezasy bilen jezalandyrylýar.
XS
SM
MD
LG