Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýran uçarlaryna uçmak gadaganlygyny uzaldýar


Ýewropa Bileleşigi howpsuzlyk aladalary bilen bagly Eýranyň uçarlarynyň köpüsini 27 agzaly bileleşigiň howa giňişligine uçmasyz edendigini aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň sözçüsi bu çäräniň Eýranyň ýadro programmasyny togtatdyrmak üçin girizilen sanksiýalar bilen ilteşiklidigini inkär etdi.

Komissiýanyň aýtmagyna görä, awiasiýa howpsuzlygy gullugynyň geçiren barlaglary esasynda, Ýewropa Eýranyň uçarlary babatda bar bolan çäklendirmeleri uzaltmak hakynda biragyzdan karara gelipdir.

Ol gadaganlyk Eýranyň Aerobus A320, Boeing 727 we 747 uçarlaryna degişli. Ýöne Eýranyň howa ýollary Ýewropa Bileleşiginde 23 uçaryny işledip bilýär.

ÝB-niň gadagan uçarlar sanawyna 282 kompaniýanyň uçary girýär, olaryň köpüsi Afrika we Aziýa ýurtlaryna degişli.
XS
SM
MD
LG