Sepleriň elýeterliligi

TIHR: Türkmenistan iki pasportlylara basyşy artdyrýar


Daşary ýurt habar serişdeleri Türkmenistanyň goşa raýatlygy bar bolan raýatlaryna basyşy artdyrýandygyny habar berýär.

Nemes tolkuny radiosy türkmen häkimiýetleriniň iki raýatlygy bolan graždanlary yzarlamaga başlandygyny, Aşgabat aeroportunda Moskwa uçmakçy bolan 40 çemesi ýolagçynyň saklanandygyny habar berýär.

Aýdylmagyna görä, saklanan raýatlaryň hemmesiniň hem rus, hem türkmen raýatlygy bar eken. Türkmen häkimiýetleri olaryň ýurtdan çykmak üçin iki raýatlygyň birinden ýüz öwürmelidiklerini aýdypdyrlar.

BBC radiosy bolsa, Türkmen inisiatiwasy guramasyna (TIHR) salgylanyp, türkmen häkimiýetleriniň 1-nji iýulda Moskwa uçmakçy bolan 12 raýaty ýoldan saklandygyny ýazýar. Olaryň hem goşa raýatlygy bar eken.
XS
SM
MD
LG