Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i halkara metbugata reaksiýa bildirdi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goşa raýatlygy bolan Türkmenistanyň graždanlaryna garşy ýurduň hökümetiniň basyşy artdyrýandygy baradaky daşary ýurt metbugatlarynda peýda bolan habarlara reaksiýa bildirdi.

7-nji iýulda Türkmen DIM-niň ýaýrdan metbugat beýanatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda diňe bir raýatlygyň ykrar edilýändigi nygtalýar.

Türkmenistanyň “Migrasiýa baradaky” kanunyna hem-de “Türkmen raýatlarynyň ýurda girip-çykmagy baradaky” düzgüne laýyklykda, daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmen raýatlaryna ýurduň serhedinden geçmek üçin barýan ýurdunyň wizasynyň hökman gerekdigi aýdylýar.

Türkmenistanyň territoriýasyna girmek isleýän daşary ýurtlaryň raýatlaryna hem Türkmenistanyň wizasyny almak zerur diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanatynda nygtalýar.

Soňky 2-3 günlükde halkara habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň goşa raýatlyga eýe bolan graždanlaryna garşy basyşy artdyrýandygyny, olardan haýsy hem bolsa bir ýurduň raýatlygyny saýlap almagyň talap edilýändigini habar beripdiler.

Bu barada Nemes tolkuny radiosy (Deutsche Welle) türkmen häkimiýetleriniň iki raýatlygy bolan graždanlary yzarlamaga başlandygyny, Aşgabadyň halkara aeroportunda Moskwa uçmakçy bolan 40 çemesi ýolagçynyň saklanandygyny habar beripdi.

BBC radiosy bolsa, Türkmen inisiatiwasy guramasyna salgylanyp, türkmen häkimiýetleriniň 1-nji iýulda Moskwa uçmakçy bolan 12 raýaty ýoldan saklandygyny aýdýar. Olaryň hem goşa raýatlygy bar eken.

Şu mesele boýunça halkara habar beriş serişdeleri tarapyndan ýaýradylan habar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýaramaz täsir etmäge gönükdirilen diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG