Sepleriň elýeterliligi

Britan harbylary Owganystanyň günortasyndan çekiler


Britan esgerleri Sangin etrabynda, 2-nji dekabr, 2009-njy yyl.

Britan esgerleri Sangin etrabynda, 2-nji dekabr, 2009-njy yyl.

Beýik Britaniýanyň harbylary Owganystanyň iň dartgynly etraplarynyň biri bolan Sanginden çekilýär. Bu etraba mundan beýläk amerikaly esgerler gözegçilik ederler.

Bu karary Britaniýanyň goranmak ministri Liýam Foksyň yglan etmegine garaşylýar. Bu baradaky deslapky maglumatda aýdylmagyna görä, britan esgerleriniň noýabr aýyna çenli regiony terk etmegi mümkin.

Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Helment welaýatynyň Sangin etrabynda ýerleşýän britaniýaly esgerleriň sanynyň 1000 töweregidigi aýdylýar.

Bu harbylaryň Sangini terk etmegi baradaky kararyň NATO-nyň şol regionda ýerleşýän esgerleriniň guramaçylyk işi bilen baglylykda amala aşyryljakdygy aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde britan harbylary Sanginiň iň problemaly regionlardan biridigini aýdýarlar. Bu problemalardan biri hem bu etrapda ýerleşýän tire-taýpalaryň özara oňşuksyzlygy bilen bagly.

Owganystanyň günortasynda ýerleşýän bu etrabyň neşe öndürilýän merkezlerden biri bolmagy bu regionyň ýagdaýyny has hem çylşyrymlaşdyrýar.

Britaniýaly resmilerden käbirleriniň aýtmagyna görä, bu ýurduň aňtaw gulluklarynyň Sangindäki tire-taýpalaryň strukturalaryndan başlarynyň çykmazlygy olar bilen ylalaşyga gelmegi hem kynlaşdyrdy.

Bu ýagdaý öz nobatynda şol regionda ýerleşýän britan esgerlerine edilýän hüjümleriň öňüne geçmek baradaky tagallalaryň şowsuz bolmagyna sebäp boldy.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Sanginde heläk bolan britan esgerleri bilen bagly wakanyň Britaniýanyň ilatynyň owgan missiýasyna goldawynyň azalmagyna sebäp bolandygyna ynanýar.

Britaniýa ABŞ-dan soň Owganystana iň köp harby iberen ikinji ýurt. Şeýle-de Helmentde ýerleşýän daşary ýurtly esgerleriň dörtden üç böleginiň britaniýalydygy aýdylýar.

Britaniýa Helment welaýatynyň daglyk jülgeleriniň howpsuzlygy boýunça jogapkärçiligini geçen ýyl ABŞ-nyň harbylaryna tabşyrypdy.

Owganystanda alnyp barylýan operasiýalaryň täze tapgyry bilen baglylykda bu ýurduň günortasynda ýerleşýän etraplara has köp amerikaly harbylar iberiler. Şunlukda, Owganystanda ýerleşýän daşary ýurtly esgerleriň sany 150 müňe çykarylar.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi britan harbylarynyň Sanginden çekiljekdigi baradaky maglumaty henize çenli tassyklamady.

Emma Britaniýanyň daşary işler ministri William Hag 6-nji iýulda eden çykyşynda bu ýurduň Owganystandaky goşunlarynyň 2015-nji ýyldan başlap uruş funksiýasy bolan wezipelerden çekiljekdigini aýtdy.

Käbir britan harbylary bu ýurduň esgerleriniň Sanginden çekilmeginiň talyplar tarapyndan propaganda hökmünde ulanylmak howpunyň hem bardygyny aýdyp, alada bildirýärler.
XS
SM
MD
LG