Azatlyk Radiosy: Farid, goşa raýatlyk bilen bagly wakalar S.Nyýazow döwründe başlanypdy. Şol döwür iki ýurtdan birini saýla diýen gürrüň barmydy?
F.Tuhbatullin: Nyýazow köpçülikleýin häsiýetde graždanlaryň raýatlygyň birinden - Türkmenistanyň ýa Orsýetiň graždanlygyndan geçmegini talap etmändi. Bu häzir türkmen häkimiýetleriniň haýsydyr bir demokratik özgerişler başlandy diýýän döwründe peýda bolup, adamlaryň belli bir kategoriýasyna gysyşlar güýçlenýär. Şol kategoriýany häkimiýetleriň özüne sadyk hasap etmeýän bolmagy ýa-da goý, ownujagam bolsa haýsydyr bir howp duýýan bolmagy mümkin.
Azatlyk Radiosy: Aşgabadyň aeroportunda saklanan hem reýsden alnyp galynan adamlaryň arasynda öňünden gözüne operasiýa etdirmek planlaşdyrylyp, bellenen wagt boýunça daşary ýurda barýan iki žurnalistiň bardygy dogrusynda-da siziň internet saýtyňyzda maglumat ýerleşdirildi. Siziň pikiriňizçe, bu işiň maddy hem ahlak taraplaryna kim jogapkär?
F.Tuhbatullin: Soňky birnäçe günüň dowamynda bize käbir zatlary anyklamak başartdy. Dürli hili ýörite gulluklaryň özara düşünişmezligi sebäpli şol ýagdaý ýüze çykypdyr. Soňky maglumatlara görä, olara gözüni bejertmek üçin daşary ýurda gitmäge rugsat edilipdir. Şol bir wagtda-da ýörite gulluklarda aktiwlik görkezýän ýa bir wagtlar aktiw bolan öňki jemgyýetçilik guramalaryň işgärlerini, jemgyýetçilik guramalaryň agzalaryny, öňki žurnalistleri yzarlamak maksadynyň bardygyny bu ýagdaý görkezýär. Şol iki žurnalistiň gözüni bejertmek üçin daşary ýurda çykjakdygyna mende umyt bar.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleri prezidentiň “açyk gapylar syýasatyny alyp barýandygyny”, “Awaza” dynç alyş zolagyna daşary ýurtlularyň köp sanlysynyň geljekdigini, dünýä standartlaryna görä myhmanhanalyryň gurulýandygyny ýazýar. Oz graždanlarynyň arasynda daşary ýurda çykyp bilmeýänler bar bolsa, daşary ýurtlular nädip bu ýurda gelip, özlerini erkin duýup, gowy dynç alyp biler?
F.Tuhbatullin: Bu dogrudanam gaty gyzykly sorag, sebäbi goşa raýatlygy bolan adamlar belli bir derejede Türkmenistandan Orsýete, GDA-nyň başga-da birnäçe ýurduna erkin baryp-gelip bilýän adamlar. Olarda Türkmenistany baran ýurtlary bilen ykdysady, syýasy hem beýleki taraplardan deňeşdirme, analiz etme, netije çykarma mümkinçiligi bar. Bu zatlar, elbet-de, Türkmenistanyň peýdasyna däl.
Türkmen häkimiýetleriniň “Awaza” geljek diýýän daşary ýurtly myhmanlary barasynda aýdylanda, meni ýakynda kabul edilen turizm baradaky kanun alada goýýar. Şol kanunda Türkmenistan barada däl-de, haýsydyr bir anyk turistik zolak barada gürrüň gidýär. Mundan şeýle netije çykarmak mümkin: eger daşary ýurtlular Türkmenistana çagyrylsa, olar diňe “Awazada” bolar, ýurduň beýleki regionlaryna baryp bilmez. Olar diňe Potemkin obasyny görerler. Hakyky türkmen durmuşyny görmezler. Olaryň baryp-gelmegi çäkli bolar, diňe bellenen zolakda bolarlar.
Azatlyk Radiosy: Şu ýyl Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň ABŞ-a resmi sapary planlaşdyrylýar. Amerikan häkimiýetleri gürrüňini edýän meselelerimizden habarlymy?
F.Tuhbatullin: Elbetde. Men birnäçe aý bäri ABŞ-da. Men Amerikanyň ýokary derejeli wekilleri, adam hukuklaryny goraýjylar, köpçülikleýin harbar serişdeleriniň žurnalistleri bilen birnäçe gezek duşuşdym. Şeýle duşuşyklaryň ýene boljagyna ynam edýärin. Türkmenistandlaky adam hukuklarynyň bozulýan halatlary baradaky maglumatlary olara ýetirip durun. ABŞ-nyň, şol sanda Döwlet departamentiniň wekilleri Aşgabatda bolanda, adam hukuklarynyň bozulmalarynyň anyk faktlary boýunça mesele gozgadylar, men ony bilýärin. Türkmen häkimiýetleri muňa reaksiýa bildirmäge mejbur. Adam hukuklaryny goraýjy hökmünde biziň borjumyz daşarky gysyşlary peýdalanmak bilen türkmen ýolbaşçylarynyň haýsydyr bir eglişige gitmegini gazanmakdan ybarat.