Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen ABŞ-da içalyçylykda aýyplanýanlar çalşyrylar


Orsýetde Günbatara içalyçylyk edenlikde aýyplanyp, tussaglykda saklanýan alym Igor Sutýagin ABŞ-da ruslara içalyçylyk edendikde aýyplanyp, tussag edilenler bilen çalyşyrylýar diýip, Sutýaginiň aklawçysy maglumat ýaýratdy.

2004-nji ýylda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen alym Sutýagin britan firmasyna ýurduň harby pudagyna degişli gizlin maglumatlary ýetirenlikde aýyplanypdy. Şol britan firmasynyň aňyrsynda ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň durandygy guman edilýär.

7-nji iýulda bu mesele bilen bagly geçirilen metbugat konferensiýasynda Sutýaginiň dogany Dmitriý: “Ertir Igory Wena iberýärler. Soňra bolsa ol Londona geçiriler. Ýagny, biz ony ýakyn wagtda görüp bilmeris” diýdi.

Sutýaginiň aklawçysy Anna Stawiskaýa alymyň öz günäsini boýun alyp, ýurtdan çykarylmagy bilen ylalaşýandygy baradaky dokumentlere gol çekmeli bolandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG