Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Panamanyň öňki diktatoryna 7 ýyl iş kesildi


Fransiýanyň sudy Panamanyň öňki diktatory Manuel Norýegany hapa pul ýuwmakda aýyplap, ony 7 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Şeýle hem suduň karary bilen Norýeganyň Fransiýadaky bank hasaplarynda saklanýan 2 million 300 muň ýewro barabar serişde döwletiň hasabyna geçiriler.

Şu ýylyň aprel aýynda Norýega ABŞ-dan Fransiýa geçirildi. Norýega ABŞ-da 1992-nji ýylda neşe söwdasyna dahyllylykda aýyplanyp, tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG