Sepleriň elýeterliligi

Kuba 52 syýasy tussagy boşatmaga razy boldy


Kubanyň Rim katolik ybadathanasy kuba häkimiýetleriniň 52 syýasy tussagy türmeden boşadyp, olaryň ýurtdan çykmagyna rugsat bermäge razy bolandygyny aýdýar.

Bu habar prezident Raul Kastro bilen Hawananyň arhiepiskopy, kardinal Jeým Ortega duşuşandan soň peýda boldy.

Ispaniýanyň Kuba sapara baran daşary işler ministri Miguel Angel Moratinos bilen onuň kubaly kärdeşi Bruno Rodrigez hem duşuşyga gatnaşdy.

Orteganyň edarasynyň ýaýradan beýanatynda azat ediljekleriň 2003-nji ýylda türmä basylan 75 syýasy tussagyň içindäki adamlardygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Kubanyň kommunist hökümetiniň syýasy tussaglary boşatmagy barada öňden bäri basyş edip gelýärdiler.
XS
SM
MD
LG