Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa gelen sil adamlary göçürmäge mejbur edýär


Moldowaly resmiler Rumyniýa bilen serhetdäki Prut derýasynyň joşmagy sebäpli 2 müňden gowrak aldamy başga ýere göçürmeli bolandyklaryny aýdýarlar.

Sil Nemteni obasynda 100-den gowrak jaýy weýran edipdir. Kotul Mori obasynyň golaýynda 2 müň çemesi adam başga ýere göçürilipdir.

Derýanyň suwunyň derejesiniň gelýän günlerde has-da ýokary galmagyna garaşylýar.Galan jaýlary goramak üçin dambalar gurulýar.
XS
SM
MD
LG