Sepleriň elýeterliligi

Eýran sanksiýalaryň ýadro işjeňliklerini haýallatjagyny aýdýar


Eýran resmisi täze girizilen sanksiýalaryň Eýranyň ýadro işjeňliklerini haýalladyp biljegini boýun aldy.

Eýranyň Atom energiýasy gullugynyň başlygy Ali Akber Salehi BMG-niň iýunda girizen täze sanksiýalarynyň täsirini boýun alan ilkinji uly eýran resmisi boldy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugy Salehiniň «eger sanksiýalar Eýranyň ýadro işjeňliginiň öňüni almagy maksat edinen bolsa…biz olaryň işi haýalladyp biljegini, ýöne togtadyp bilmejegini aýdýarys» diýendigini ýazýar.

Ozal Eýranyň uly derejeli resmileri täze sanksiýalaryň edip biljek zadynyň ýokdugyny aýdypdylar.
XS
SM
MD
LG