Sepleriň elýeterliligi

Ýewroparlament Gyrgyzystandaky ýagdaýy maslahatlaşýar


Ýewropa parlamenti Strasburgda Gyrgyzystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekili Katrin Aşton ÝB Gyrgyzystanyň geçiş hökümetiniň başlan durnuklaşdyrma we demokratlaşdyrma prosesini goldamak boýunça tagallaryny tijeýär diýdi.

Aşton Bileleşigiň tagallalarynyň ýetip gelýän parlament saýlawlaryny taýýarlamaga kömekleşmek, etnigara ýaraşygy we graždan jemgyýeti inisiatiwalaryny goldamak ýaly meseleleri öz içine alýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG