Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netenýahu: Göni gepleşikler üçin öňünden şert ýok


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu palestinalylar bilen göni parahatçylyk gepleşiklerine başlanmagy üçin öňünden şert goýmaly däl diýýär.

Ýöne Netenýahu ABS telewideniýesinde eden gürrüňinde özüniň Günbatar kenardaky täze ysraýyl obalarynyň gurluşygynyň doňdurylmasyny uzaltjagyny aýtmakdan boýun gaçyrdy. Bu gurluşygyň doňdurylan möhleti sentýabrda tamam bolýar.

Palestinalylar göni gepleşikleri täzeden başlamazdan öň ysraýyl obalarynyň gurluşynyň doňdurylmagyny talap edýärler.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama sişenbe güni Ak Tamda Netunýahu bilen duşuşyp, Ysraýyly we palestinalylary Ysraýylyň gurluşyklary doňduran möhleti tamam bolmazdan öň ýüzbe-ýüz gepleşikleri dikeltmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG