Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň içaly çalyşýandygyny aýdýarlar


Orsýetde Günbataryň haýryna içalyçylyk etdi diýip türmä basylan alymyň aklawçysy Orsýet alymy geçen aý Birleşen Ştatlarda rus agentleri diýlip tutulan adamlar bilen çalyşmak isleýär diýýär.

Ýadro ýaraglary boýunça ekspert Igor Sutýagin 2004-nji ýylda ýaşryn harby maglumatlary britan firmasyna geçirmekde aýyplanyp, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Sutýaginiň dogany Dmitriý rus häkimiýetleriniň Sutýagini Birleşen Ştatlarda içalyçylyk etdi diýilýän rus agentleri bilen çalyşmak isländigini aýtdy.

Ol doganynyň näçe agent bilen çalşyljagyny bilmeýär. Sutýaginiň aklawçysy Anna Stawitskaýa Orsýetiň bu çalşygy penşenbe güni amala aşyrmakçydygyny we şu sebäpden Sutýaginiň ilkibaşda Britaniýa iberilmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG