Sepleriň elýeterliligi

Serbiýada köpçülikleýin mazar boýunça barlag başlandy


Sebiýada maý aýynda üsti açylan köpçülikleýin mazar boýunça barlag işleri başlandy.

Kosowo bilen serhetde köpçülikleýin jaýlanan mazardan 250 adamyň jesedi tapyldy. Olar etniki albanlylar diýlip çaklanýar.

Serb prokuraturasynyň wekili Bruno Wekariçiň aýtmagyna görä, ýakyn wagtda ol jesetler boýunça eksgumasiýa geçiriler.

Olar şol regionda uruş gideninde, 90-njy ýyllaryň ahyrynda öldürilen bolmaly diýilýär.

Kosowo 2008-nji ýylda öz garaşsyzlygyny gazanypdy.
XS
SM
MD
LG