Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýada “Yslam sekizligi” sammiti başlandy


Penşenbe güni Nigeriýanyň paýtagty Abujada “Yslam sekizligi” diýlen sammit başlandy.

Duşuşyga jemi 930 million ilaty özüne birikdirýän Bangladeşiň, Müsüriň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Malaýziýanyň, Nigeriýanyň, Pakistanyň hem Türkiýäniň liderleri gatnaşýar.

Liderler ykdysady hem söwda aragatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine seredýärler.

Abujada ýerleşýän Eýran ilçihanasynda çykyş eden Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad ABŞ-ny öz syýasatyny başgalaryň üstüne atmak we dünýä agalygy meselesinde ýene tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG