Sepleriň elýeterliligi

Gün batareýasy bilen işleýän uçar synagdan geçdi


Şweýsariýada Gün batareýasy bilen işleýän uçaryň köp sagada çeken synagy üstünlikli tamamlandy.

“Gün Impulsy” atly ol synag maşyny 26 sagatlap ýokarda uçuş etdi. Onuň ganatynyň uzynlygy 80 metr bolup, bir güne ýeterlik energiýa bilen ýokary göterilenden soň, gijelikde-de uçmaga mümkinçiligi bolýar.

“Gün Impulsy” uçaryň synagyny 57 ýaşly, öňki harby uçarman Andre Borşberg geçirdi.

Ol şeýle diýdi: “Muňa ynanmak mümkin däl, hiç ynanmak mümkin däl. Biziň garaşýanymyzdan hem gowy bolup çykdy. Biz hatda synagy ýene dowam etdirmek barada-da oýlandyk. Ýöne soň bes etmek kararyna geldik. Biz isleýän zadymyzy synagdan geçirdik. Bu örän guwandyryjy”.

Uçary döredijileriň hasaplamalaryna görä, 2013-nji ýyla çenli bu uçarda Ýeriň daşyndan aýlanmaga mümkinçiklik dörär.
XS
SM
MD
LG