Sepleriň elýeterliligi

Günbatarly myhmanlar we hukuk


Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa

Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa

Türkmenistandaky adam hukuklarynyň häzirki ýagdaýy barada Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Täjigül, bilşiňiz ýaly, soňky döwürde Türkmenistana sapar edýän ýokary derejeli daşary ýurt resmileriniň sany köpeldi. Şol bir wagtda döwlete degişli däl hukuk toparlary hem bu ýurtda kanunlary liberallaşdyrmagyň, adam hukuklary babatdaky ýagdaýy gowulaşdyrmagyň zerurlygy barada çagyryş edýärler. Siziňçe, bu ýagdaý Türkmenistanda adam hukuklarynyň goralyşyny gowulaşdyrmaga täsir edýärmi?

Täjigül Begmedowa: Hawa, soňky wagtlarda günbatar ýurtlarynyň ýokary derejeli resmleriniň we energiýa kompaniýalyrynyň ýolbaşçylyrynyň onlarçasy Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşmaga çalyşýar. Has anygy, çig mal serişdelerine baý ýurda ýakynlaşmak ugrunda göreş barýar. Bu hili şertlerde adam hukuklary temasyny ilerletmek gaty kyn. Kähalatda, Türkmenistandaky ýagdaýlardan bihabar bir myhmanyň ýurtda adam hukuklary babatda öňegidişligiň bardygyny tassyklap aýdan esassyz sözleri, howlukmaç bahasy bilen progressiw güýçleriň uzak ýyllyk zähmeti bir minutda püçege çykýar.

Iýunyň başynda bir amerikan resmisi Türkmenistanda adam hukuklary barada käbir öňegidişlikleriň bardygyny bellände hem şeýle boldy. Ýa-da başga bir mysal: Adam hukuklaryny goraýan halkara döwlete degişli däl guramalaryň çagyryşlaryna garamazdan, Türkmenistana sapar eden fransuz diplomaty Aşgabadyň adam hukuklary babatda ýagdaýy gowulaşdyrmak isleýändigini belläp, bu ýurdy adam hukuklaryny bozmakda tankyt etmejekdigini açyk aýtdy. Mundanam başga, hukuk goraýjylar daşary ýurtlaryň bu ugurda öz hereketlerini koordinirleýändigini hem aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Bu pozisiýa näme bilen bagly? Näme üçin berk liniýa hem talap ýok?


Täjigül Begmedowa: Daşary ýurt ekspertleriniň gelen netijelerine görä, munuň günbataryň öňki işleriniň netijesizligi bilen bagly bolmagy mümkin. Görnüşine görä, olar indi başda türkmen häkimiýetleri üçin o diýen agyryly bolmadyk meseleleri, mysal üçin Katoliki ybadathanany hasaba almak, adam söwdasy, AIDS meselelerini gozgamakçy bolýarlar.

Bu ýerde başga-da bir açyş bar, Türkmen-amerikan biznes geňeşiniň amerikan lideri golaýda özüniň we kärdeşleriniň türkmen häkimiýetlerine adam hukuklary barada ýatlatmajakdyklaryny, munuň bilen Döwlet departamentiniň meşgullanmalydygyny açyk aýtdy.

«Açyk jemgyýet» institutynyň «Türkmenistan» proýektiniň ýazmagyna görä, «Obamanyň adminstrasiýasynyň häzirki syýasaty ümsüm ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hatyrasyna adam hukuklarynyň bozulmalaryny tankytlamakdan ýüz öwürýär». Şu sebäpden, görnüşine görä, bu ýakynda daşary ýurtly myhmanlaryň esasy maksady biznes bähbitlerini ilerletmek bolar.

Azatlyk Radiosy: Täjigül, eger daşary ýurtly myhmanlar şeýle ýumşak liniýany tutsalar, bu dogrudanam netije berermi, ýagny olar öz maksatlaryna ýeterlermi?

Täjigül Begmedowa: Belki-de başda munuň gysga wagtlyk netijeleri bolar. Ýöne ýurtda hemme zat awtoritarizm, sud sistemasynyň açyk dälligi, korrupsiýa, wiza almakdaky kynçylyklar, gara sanawlar we beýlekiler bilen ilteşikli. Onsoň daşary ýurtly biznesmenler hemişe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Media arkaly öz hukuklaryňy gorar ýaly, ol ýerde metbugat azatlygy hem ýok. Onsoň, aýdaly, biznesmene wiza bermeseler, ol her gezek prezidente ýüz tutsunmy?

Mundanam başga, bize ejir çeken daşary ýurtly biznesmenleriň habar bermegine görä, Türkmenistanda maýa ýatyrmak töwekgelligi örän ýokary. Ol ýerde siz ýerli çinownikler tarapyndan ap-aňsatja çoçgara çolaşdyrylyp bilersiňiz. Onsoň, gowy bolanda, işiňi gaty kynlyk bilen düzedersiň, erbet bolanda, biznesiň çöker ýa-da halkara kanunlaryny bozup işlmeli bolarsyň. Munuň üçin Daýmler Meresedesi ýatlamak ýeterlik, bu barada köp ýazyldy. Netijede, halkara derejesinde, bikanun işleri derňeýän halkara guramalarynyň öňünde özüňi aklamaly bolarsyň. Bu ýagdaýda hiç kim utuş gazanmaýar.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda ýönekeý türkmenistanlylyar näme etmeli?

Täjigül Begmedowa: Elbetde, arassa adamkärçilik nukdaý nazaryndan bu ýagdaý gynançly, ýakymsyz, bir topar adamda hatda ýigrenç hem döredip biler. Ýöne beýle ýöntem bolmak gerek däl, hakakata göni seretmek gerek. Biz muny hemişe gaýtalaýarys, biziň pozisiýamyz şeýle: raýatlaryň özleri graždan jemgyýetini özleşdirmeli, öwrenmeli we ony her bir pursatda ulanmaga çalyşmaly. Birlerinden umyt etmän, öz mamlalygyňy özüň goramagy öwrenmeli. Muňa garşy çykjaklar-da, häkimiýetleriň ýanajagyny, yzarlajagyny aýtjaklar-da tapylar. Ýöne bagyşlaň, «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýipdirler. Hiç bir zat mugt berilmeýär. Her bir ýetilen sepgit üçin zähmet çekmeli, azap etmeli bolýar. Onsoň öz hukuklaryňy goramak hem zähmet, onda-da üznüksiz, ejir-azaby, harjy-harajady ýetik, ýöne sylag-hormaty az zähmet. Emma bu sarpa goýulmagyna mynasyp we geljegi bolan iş.

Dogry, biz ýurt içinde aktiwistleriň az däldigini, olary goldmalydygyny, kyn bolan halatynda kömek etmelidigini bilýäris. Ýöne öz hukuklaryňy goramakda özüň berk durmakdan gowy zat ýok.
XS
SM
MD
LG